Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 47:5 - Mukaddes Kitap

5 Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ине, патышалар агыз бирикдирдилер, билеликде ол ерлерден гечдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 47:5
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şunlukda, Dawut hem-de tutuş ysraýyl halky şatlyk bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaý çalyp, Rebbiň sandygyny getirýärdiler.


Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Omasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.


Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.


Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy.


Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň, arfada we lirada şöhratlandyryň!


Pes göwünliler muny görüp begensin, eý, Hudaýy agtarýanlar, ýüregiňiz galkynsyn.


Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.


Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar, Rebbi çagyrýanlaryň arasynda Şamuwel hem bar. Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.


Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.


Ýakup halkynyň guwanjy bolan Reb şeýle ant içdi: «Men olaryň eden işleriniň hiç birini asla unutmaryn.


Men siziň tohum-tijiňizi ýazgararyn. Baýramçylyklarda gurban edýän mallaryňyzyň dersini ýüzüňize sürterin we siz huzurymdan äkidilip, derse taşlanarsyňyz.


Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.


Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris.


Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Ýeşuwa ruhanylary çagyryp, olara: «Rebbiň Äht sandygyny göteriň, ýedi sany ruhany bolsa goçuň şahyndan edilen ýedi surnaýy göterip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöresin» diýdi.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ