Reb Ylýasa: «Daşary çyk-da, dagda Meniň huzurymda dur, çünki Men-Reb şol ýerden geçerin» diýdi. Rebbiň öňünde daglary, daşlary ýarýan şeýle bir güýçli ýel turdy, ýöne Reb ýeliň içinde geplemedi. Ýelden soň ýertitreme boldy, ýöne Reb ýertitremede hem geplemedi.
Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz».