Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 45:9 - Mukaddes Kitap

9 Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Гелиң, гөрүң Реббиң эденлерини, ер йүзүне гетирен вейранлыгыны.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 45:9
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hiramyň Opyrdan altyn getiren gämisi ol ýerden köp mukdarda sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdi.


Şeýlelikde, Batşeba Adonyýanyň adyndan gepleşmek üçin Süleýman patyşanyň ýanyna gitdi. Patyşa ony garşy almaga ýerinden galyp, tagzym edip, tagtynda oturdy. Patyşanyň ejesi üçin hem bir tagt getirip goýdular, ol patyşanyň sag tarapynda oturdy.


Emma sen Şimgini jezasyz galdyrma, çünki sen paýhasly adamsyň we oňa näme etmelidigiňi özüň bilersiň. Şimgi garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin».


Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir.


altyny topraga, Opyr tyllasyny jülgedäki daşlaryň arasyna atsaň,


Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar.


Düşegime hoşboý ysly mür, ahalot hem dalçyn sepdim.


Dolan, eý, şulamly gyz, dolan! Dolan, saňa bakaly, dolan. Iki toparyň tansyna tomaşa edýän deý, şulamly gyza bakjaksyňyz näme üçin?


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.


Geliň, begeneliň hem şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Çünki Guzynyň toýy başlanýar, Onuň gelinligi hem taýýar bolup dur:


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Halklar bu şäheriň nurunda gezerler. Dünýäniň şalary oňa öz şan-şöhratyny getirerler.


Soňra soňky ýedi bela bilen doldurylan ýedi käseli ýedi perişdäniň biri meniň ýanyma gelip: «Gel, men saňa gelni, Guza aýal boljagy görkezeýin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ