Şeýle hem Nimşiniň ogly Ýehuwyň başyna ýag guýup, ony Ysraýylyň üstünden patyşalyga saýla; Abelmeholadan bolan Şapatyň ogly Elýaşanyň başyna ýag guýup, ony öz ornuňa pygamberlige saýla.
Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.
Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi.
Çünki Hudaý olary ezelden saýlap-seçdi we Ogluna meňzetmegi owaldan karar etdi. Ol muny Isa Mesihiň köp sanly doganlarynyň arasynda nowbahar bolmagy üçin amal etdi.
Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.