Ylýas patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Sen Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan gutulyşyň barada soramaga adam iberer ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“» diýdi.
Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň».
Soňra Hudaýymyz Reb biziň Ondan gorkup, bu parzlaryň hemmesini ýerine ýetirmegimizi buýurdy. Şonda bu günki ýaly, janymyz sag bolup, görjegimiz gowulyk bolar.