11 Emma Sen, ýa Reb, maňa merhemet eýle, meni dikelt, men olaryň almytyny bereýin.
11 Эмма Сен, я Реб, маңа мерхемет эйле, мени дикелт, мен оларың алмытыны берейин.
Ony – Ýakup Hudaýynyň ýüzüni agtarýanlaryň neslindendir ol.
Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň.
Ýok! Siz kalbyňyzda adalatsyzlyk düzýäňiz, elleriňiz zorluk saçýar ýeriň ýüzüne.
Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: yranmaryn men.
Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.
Ýa Taňry, mesgenimiz bolduň nesillerboýy.
Sadyklyk we ynamdarlyk patyşany goraýar, onuň tagty sadyklykdan berkarar bolýar.
Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.