Sen göklerden yglan etdiň karary; ýer ýüzüniň ähli pukarasyny halas etmäge, Sen kazylyk etmek üçin aýaga galdyň, şonda ýer ýüzi eýmenip, ümsümlik boldy. Sela
Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär.
Rebbiň Hoş Habary sizden ähli ýere, hatda Makedoniýa bilen Ahaýadan uzak ýerlere hem ýaň saldy. Siziň Hudaýa bolan imanyňyz baradaky gürrüň ähli ýere ýaýrady. Bize ol barada aýdara-da zat galmady.
Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!