1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
1 Айдымчылар топарының ёлбашчысына. Давудың мезмуры.
Çünki Onuň bize bolan söýgüsi uly, Onuň wepadarlygy baky. Rebbe şan-şöhrat bolsun!
Tersine, süýtden aýrylan çagany enäniň köşeşdirişi deý, janyma basalyk berdim we köşeşdirdim.
Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar; myjabatçylar maňa garşy toplanardylar; agsan bolup, meni ýaňsylardylar; meni dyngysyz parçalardylar.
Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.
Eý, Hudaýym, diňle we eşit! Gözleriňi açyp, biziň weýrançylygymyza we Seniň adyň dakylan şähere seret. Biziň dogruçyldygymyz sebäpli däl-de, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik.