Mowabyň bol miweli baglaryndan, ekin meýdanlaryndan şatlyk we begenç zym-zyýat boldy. Üzüm sokusyndan akýan şeraby kesdim. Hiç kim şowhun bilen üzüm depelemez; şowhun bar, ýöne şatlyk şowhuny däl.
Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler.
Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.
Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän sokuda ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler.