Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 39:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Я Бейик Худайым, Сениң билен деңәр ялы хич ким ёк! Сениң бизе гөнүкдирилен гудратлы ишлериң, пикирлериң көпдүр. Мен олары вагыз эдип, айдасым гелйәр, йөне олар санардан көпдүр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 39:6
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr.


Men janymdan doýdum; bu dünýä baky gelen däldirin, meni öz günüme goý, çünki ömrüm bir demdir.


Unutma, eý, Hudaý, ömrüm bir demdir, gaýdyp ýagşylyga gözüm düşmez.


Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.


Seniň işleriň nesilerboýy taryp ediler, Seniň gudratly işleriň hem yglan ediler.


Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-da miras galdyrýar, ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.


Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir, çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.


Çünki baýlyk ebedi däldir, täç-de elmydama nesilden-nesle geçýän däldir.


Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.


Gaýgyny ýüregiňden çykar, azaby bedeniňden daşlaşdyr, çünki ýaşlyk-da, juwanlyk-da gysga wagtlykdyr.


Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;


Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.


Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Özüm üçin altyn, kümüş we patyşalaryň, welaýatlaryň hazynalaryny topladym. Erkekdir aýal aýdymçylary hakyna tutdum. Islendik erkegiň göwnüne ýaramly gözel gyrnak aýallar edindim.


Enesinden nähili doglan bolsa, bu dünýäden şeýle-de gider. Zähmetinden hiç bir zady elinde göterip, özi bilen äkidip bilmez.


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda näme üçin galan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz?


Şonuň üçin hem näme iýip-içjekdigiňizi, näme geýjekdigiňizi agtarmaň, bular barada alada etmäň.


Bu dünýäniň işlerine meşgul kişiler-de öz wagtyny olara sowurmasyn. Çünki bu dünýä soňlanyp barýandyr.


Ertir näme boljagyny nireden bilýärsiňiz?! Siziň ömrüňiz näme? Ol az salym görnüp, soňra ýitirim bolýan säher çygy ýalydyr.


Altyndyr kümşüňiz poslandyr, olaryň posy siziň garşyňyza şaýatlyk edip, bedeniňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde baýlyk topladyňyz.


Çünki: «Ähli ynsan otluk kimindir, onuň bar görki meýdan güli kimindir. Ot gurap gider, güli hem solar,


Ähli gaýgy-aladaňyzy Hudaýa tabşyryň, sebäbi Ol siziň gamhoruňyzdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ