9 Ähli ýazyklarymdan meni halas et, meni akmaklara masgara etme.
9 Әхли языкларымдан мени халас эт, мени акмаклара масгара этме.
Eý, Rebbiň edermen perişdeleri – Onuň buýruklaryny berjaý edýänler, Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar, Rebbi alkyşlaň!
Seni ömürboýy ýagşylyklar bilen Ol razy edýär: bürgüdiňki ýaly täzelenýär seniň ýaşlygyň.
Çünki Seni gabyrda ýatlamak ýokdur; Saňa ölüler dünýäsinde kim öwgi aýdar?
Natanaýel Ondan: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýip sorady. Isa oňa: «Filip seni heniz çagyrmanka, Men seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýip jogap berdi.
Biz ölmän, şol gökdäki mesgenimize şu wagt beslenmegi küýsäp, ah çekýäris.