10 Lal bolup, açmaýaryn agzymy, çünki Sen etdiň muny.
10 Лал болуп, ачмаярын агзымы, чүнки Сен этдиң муны.
Köp bolýandyr erbetleriň gaýgysy, emma Rebbe bil baglaýanlary gurşap alýar Onuň sadyk söýgüsi.
Eý, Hudaý, Sen meni akla! Hudaýsyz milletden alyp ber meniň hakymy, hilegär we adalatsyz adamdan halas et meni.
Iňňildimden halys ýadadym, her agşam aglap, düşegimi suw-sil edýärin, ýorganymy gözýaşlaryma men gark edýärin.
Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.
Ýa Hökmürowan Beýik Hudaý! Sen dek, ýa Reb, kuwwatly barmy? Wepadarlygyň gurşaýar Seni.
Ýüregim bikarardyr, saňňyldaýan gorkudan ýaňa; küýsän alagaraňkylygym wehime salgar.
Gözlerim ýaş dökmekden küteldi, içim ýanýar. Eziz halkymyň weýrançylygy zerarly gara bagrym gan bolýar, çünki şäheriň köçelerinde çagalardyr bäbekler mejalsyz ýykylýar.