Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma.