Perýat edeniňizde, toplan butlaryňyz sizi halas etsin, olary ýel süpürip äkider, şemal uçuryp äkider olary. Ýöne Meni pena tutunýan ýurdy mülk ediner, Meniň mukaddes dagymy miras alar.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.
Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz».
Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.
Şol gün Musa kasam edip: „Aýagyňyň basjak ýerleri seniň we çagalaryňyň hemişelik mülki bolar, sebäbi sen tutuş kalbyň bilen Hudaýym Rebbiň yzyna eýerdiň“ diýipdi.