Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.
Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.