Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 36:4 - Mukaddes Kitap

4 Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ребден теселли тап, йүрек арзувларыңы Ол хасыл эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 36:4
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra aýaly Zereş we ähli dostlary oňa: «Beýikligi elli tirsek bolan bir dar agajyny taýýarlasynlar. Ertir patyşa aýt, goý, ol şol dar agajyndan Mordekaýy asdyrsyn. Soňra şatlanyp, patyşa bilen bile meýlise git» diýdiler. Bu pikir Hamana ýarady. Ol dar agajyny taýýarlatdy.


Patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Edil şol wagt Mordekaý üçin taýýarlanan dar agajyndan ony asdyrmak barada patyşa bilen gepleşmek üçin, Haman köşgüň daşky howlusyna giripdi.


Etmişi suw kimin içýän, ýigrenji, bozuk ynsana Hudaý neneň ynam etsin.


Ynsany günäsine görä paş edip, temmi bereňde, guwanýan zatlaryny güýe ýaly dargadýaň; dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr!» Sela


Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Hudaý göklerden adamzada nazar aýlaýar.


Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir, dilleri içigaraçylygy gepleýändir.


Şular hem akyldarlaryň sözleridir: Hökümde tarapgöýlik etmek ýagşy däldir.


Çünki ýamanlyk etmeseler uklap bilmeýärler; birini büdretmese, gözi bürülmez.


Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.


Men üns berip diňledim, dogrusyny aýtmaýar olar. Hijisi: „Bu edenim näme?“ diýip, öz pisligine toba etmeýär. Söweşde çapýan at kimin hersi öz ýoluna ýortýar.


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.


Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?


Ir säher bilen ähli ýolbaşçy ruhanylardyr halkyň ýaşululary Isa ölüm jezasyny bermek barada maslahat geçirdiler.


Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler.


Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.


Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.


„Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.


Şawul Dawudy ertir daň bilen öldürmek üçin, onuň öýüni garawullaň diýip, öz adamlaryny iberdi. Aýaly Mikal Dawuda: «Eger-de şu gije başyňy gutarmasaň, ertir seni öldürerler» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ