Sen nädip: ‘Men haram däl. Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň? Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör! Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň.
Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn.
Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)