9 Meniň janym bolsa Rebde şat bolar; meni halas edendigine begener.
9 Мениң җаным болса Ребде шат болар; мени халас эдендигине бегенер.
Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!
Şöhratly Hudaýym Öz baýlygy bilen siziň, ýagny Isa Mesihe degişli bolanlaryň ähli mätäçlikleriniň öwezini dolar.
Rebbiňkidir ýer we ondaky zatlar, älem hem-de onda ýaşaýanlar.
Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.
Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.
Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.