Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.
Hizkiýa patyşa we onuň baştutanlary lewilere Dawudyň we Asaf görgüriň sözleri bilen Rebbe alkyş aýtmagy tabşyrdylar. Olar şatlyk bilen alkyş aýdyp, dyza çöküp ybadat etdiler.
Öwünýän diňe Maňa düşünýänligi we tanaýanlygy bilen öwünsin, ýer ýüzünde sadyk söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men – Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn. Muny Reb aýdýandyr.
Çünki men asla utanja galmajakdygyma, hemişekim ýaly şindi hem mertlik bilen hereket etjekdigime ynanýaryn. Men ýaşasam-da, öldürilsem-de, meniň bedenim arkaly Mesih beýgeldiler.
Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»