Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 33:3 - Mukaddes Kitap

3 Reb bilen meniň janym magtanar, pespäller eşider hem-de şat bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реб билен мениң җаным магтанар, песпәллер эшидер хем-де шат болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 33:3
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut hem-de ähli ysraýyllar Hudaýyň huzurynda lira, arfa, deprek, kimwal hem-de surnaý çalyp, joşup aýdym aýdýardylar we tans edýärdiler.


Lewi sazandalarynyň ýolbaşçysy Kenanýa saza baştutanlyk etmelidi, çünki ol saza ussatdy.


Bular hem-de bularyň Rebbiň öňünde aýdym aýtmaklyga türgenleşdirilen garyndaşlarynyň bu işe ussatlary iki ýüz segsen sekiz adamdy.


Bu adamlar işi çyn ýürekden ýerine ýetirýärdiler. Merarynyň neslinden bolan lewi Ýahat bilen Abadýa, Kohadyň neslinden bolan Zakarýa we Meşullam dagylar bularyň üstünden baştutanlyga bellenipdiler. Saz gurallaryna ökde bolan beýleki ähli lewiler ýük daşaýanlara we dürli hyzmatda işleýänlere baştutanlyk etdiler. Mürzeler, gözegçiler we derwezebanlar hem lewilerdendi.


Reb hemmeler üçin ýagşydyr, Ol ähli ýaradanlaryna merhemet edýär.


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbe täze nagma aýdyň, sadyklar jemagatynda Oňa öwgüler aýdyň!


Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň.


Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar, Reb oňa bütinleý şypa berer.


Reb höküm sürýär, goý, ýer şatlansyn, hemme adalar, goý, begenişsin.


Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!


Eý, deňiz syýahatçylary, deňziň içindäkiler, adalar we onda ýaşaýanlar, Rebbe täze aýdym aýdyň, ýeriň aňry ujundan öwgüler aýdyň!


Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň.


Goý, Mesihiň sözi kalbyňyzyň töründe ornaşsyn. Bütin akyldarlyk bilen biri-biriňize tälim we öwüt-nesihat beriň. Mezmurlar, öwgi aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyp, Hudaýa ýürekden minnetdarlyk bildiriň.


Ýaňky bir ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Tutuş adamzadyň arasyndan azat edilen bu bir ýüz kyrk dört müň adamdan başga hiç kim bu aýdymy öwrenip bilmeýärdi.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ