Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 33:2 - Mukaddes Kitap

2 Men Rebbe hemişe alkyş aýdaryn, Oňa öwgi elmydama agzymda bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Мен Реббе хемише алкыш айдарын, Оңа өвги элмыдама агзымда болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 33:2
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut we tutuş ysraýyl halky Rebbiň huzurynda bar güýçleri bilen serwi agajyndan edilen dürli saz gurallaryny: lira, arfa, deprek, kimwaldyr kastanet çalyp tans edýärdiler.


Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, lira, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi.


Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.


Ýedutunyň ogullaryndan: Gedalýa, Seri, Işaýa, Şimeý, Haşabýa, Matytýa – jemi alty. Olar Rebbe lira bilen öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyryp pygamberlik edýän kakalary Ýedutunyň garamagyndadylar.


Bularyň bary kakalarynyň garamagynda Rebbiň ybadathanasynda kimwal, arfa hem lira çalyp, aýdym aýdýardylar. Asaf, Ýedutun we Heýman patyşanyň buýrugy astyndadylar.


Reb hemmeler üçin ýagşydyr, Ol ähli ýaradanlaryna merhemet edýär.


Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, lirada Oňa mukamlar çalsyn!


Ýa Reb, siller beýgeldi, siller öz sesini gataltdy, siller güwwüldisini artdyrdy.


Emma ägirt suwlar sesinden, kuwwatly deňiz tolkunlaryndan, beýikdäki Reb has kuwwatlydyr.


Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler.


Men gökden ägirt uly ummanyň güwwüldisi ýaly, güýçli gök gürrüldisiniň sesi ýaly bir ses eşitdim. Bu ses arfaçylaryň çalýan owazyna meňzeýärdi.


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ