7 Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady, düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.
7 Ол деңиз сувларыны үйшмек кимин йыгнады, дүйпсүз сувлары ховданлара сыгдырды.
Rebbiň Dawudy ähli duşmanlaryndan hem-de Şawuldan halas eden güni, ol Rebbiň şanyna şu aýdymy aýtdy:
Eý, Hudaý, Saňa täze nagma aýdaryn, on kirişli guralda Saňa mukam çalaryn.
Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri. Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry,
Rebbiň işlerine, Onuň elleriniň işine üns bermeýändikleri sebäpli, Ol weýran eder olary hem-de gaýdyp bina etmez olary.
Reb milletleriň maslahatyny hiç edýär, halklaryň niýetlerini puja çykarýar.
Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň.
Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki olary goraýarsyň Sen, adyňa aşyklar Sende şat bolsun.
Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär, halklara ýüz görmezden höküm çykarýar.
Mezmur. Sabat güni üçin nagma.
Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!
Patyşa Ýerahmeýel şazada, Azryýeliň ogly Seraýa we Abdeýeliň ogly Şelemýa dagy Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tussag etmegi buýurdy. Emma Reb olary gizläpdi.
Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.
Olar batly ses bilen gygyryp: «Tagtda oturan Hudaýymyz we Guzy biziň Halasgärimizdir» diýýärdiler.
Şol gün ýeňiş mynasybetli Debora bilen Abynogamyň ogly Barak şeýle aýdym aýtdylar: