Reb şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde saňa jogap bererin, kömek ederin halas etjek günümde; seni goraryn, halka äht hökmünde bererin seni sen ýurdy täzeden dikeldersiň, çolaryp galan mülki paýlarsyň.
Hudaý ähli muşakgatlarymyzda bize teselli berýär. Biz hem öz gezegimizde her hili muşakgatlara uçran adamlara Hudaýdan alan tesellimiz arkaly teselli berýäris.
Çünki Hudaý şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde seni eşitdim, gutulyş gününde Men kömek etdim». Ine, indi merhemet günüdir, indi gutulyş günüdir!
Emma Isa Mesih maňa Öz çäksiz rehim-şepagatyny görkezdi. Hawa, Ol maňa rehim etdi we Özüne iman edip, baky ýaşaýşa gowuşjaklaryň ählisi üçin meni mysal hökmünde ulandy.
Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär.