olar kemala gelýänçä, siz garaşarmydyňyz? Olara durmuşa çykmak üçin siz başga äre barman saklanarmydyňyz? Ýok, gyzlarym, meniň ýagdaýym siziňkiden has agyr, çünki meniň garşyma çykan – Rebbiň hut Özi» diýdi.
Şol sebäpden, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerden çykaryp, öz ýerine ibereliň, goý, ol bizi hem, halkymyzy hem heläk etmesin» diýdiler. Sebäbi tutuş galany aýylganç howsala gaplap alypdy. Reb olary juda agyr jezalandyrdy.
Emma olar ony bu ýere getirenlerinden soň, Reb bu gala hem göz görkezdi, galany aýylganç howsala gaplap aldy. Galanyň ilatynyň uludan-kiçä ählisiniň endamyna çykuw çykaryp, Reb olary ýowuzlyk bilen jezalandyrdy.
Ýöne oňa gözegçilik ediň. Eger ol öz mekanyna barýan ýol bilen – Beýtşemeşiň ýoly bilen gitse, onda bu aýylganç betbagtçylygy biziň başymyza Rebbiň saldygydyr, emma ol şol ýoldan gitmese, onda bu işde Onuň eliniň ýoklugydyr, munuň tötänlik boldugydyr».