Ýas gutarandan soň, Dawut adam iberip, ol aýaly köşgüne getirtdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Ondan Dawudyň bir ogly boldy. Ýöne Dawudyň eden bu işi Rebbiň nazarynda nejislikdi.
Ýahuda köp hasrat we agyr zähmet çekdi, indi bolsa ýesir edip äkidildi. Ol milletler arasynda ýaşaýar. Ol hiç bir dynçlyk tapman, betbagtlyga uçranynda, kowguçylarynyň eline düşdi.
Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler. Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar. Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar. Menden bolsa ýüz öwürýärler.