10 Reb milletleriň maslahatyny hiç edýär, halklaryň niýetlerini puja çykarýar.
10 Реб миллетлериң маслахатыны хич эдйәр, халкларың ниетлерини пуҗа чыкаряр.
Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».
Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.
Ynsan işleri babatda aýtsam: Seniň buýruklaryň arkaly, zalymyň ýollaryndan men gaça durdum.
Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.
Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.
Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar, Reb oňa bütinleý şypa berer.
Seni pena edinýänleriň bary şatlansyn, elmydama joşup, nagmalar aýtsyn; çünki olary goraýarsyň Sen, adyňa aşyklar Sende şat bolsun.
Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.
Günäkäri betbagtlyk kowalaýar, dogruçyllar bolsa ýagşylyk sylagyny alýar.
Söze üns berýän rowaç tapar, Rebbe ynanýan bolsa bagtlydyr.
Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.
Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.
Pisler üçin rahatlyk ýokdur» diýýär Hudaýym Reb.
sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.