6 Seniň eliňe tabşyrýaryn men öz ruhumy; meni halas etdiň, ýa Reb, hakykatyň Hudaýy.
6 Сениң элиңе табшырярын мен өз рухумы; мени халас этдиң, я Реб, хакыкатың Худайы.
Ol erbetleriň üstüne ýagdyrar köreýän közleri hem-de kükürdi; ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.
Reb meniň mirasym hem-de nesibäm, Onuň elindedir meniň ykbalym.
Gora meni gözüň göreji ýaly; maňa hüjüm edýän erbet adamdan, daşymy gurşaýan ganym duşmandan Öz ganatlaryňyň astynda gizle Sen meni.
Sen: „Men ebedi melike bolaryn“ diýdiň, bulara üns bermediň, näme boljagyny oýlanmadyň».
«Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn.
Olar: «Geliň, şerap getireliň! Çakyrdan julk doýalyň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.
Nebukadnesaryň garşysyna çykarylan bu höküm şol wagtyň özünde amala aşdy. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, öküzler ýaly ot iýdi, onuň endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy. Saçy bürgüdiň ýelegi ýaly, dyrnaklary guşlaryň penjesi ýaly ösdi.
Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalan ençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“ diýýär.
Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.