7 Çar tarapdan meniň garşyma çykan biçak köp duşmandan gorkmaýaryn men.
7 Чар тарапдан мениң гаршыма чыкан бичак көп душмандан горкмаярын мен.
Söweş ýurduň ähli ýerini gurşap aldy. Ol gün tokaý sebäpli ölenler gylyçdan ölenlerden köp boldy.
Adamlar maňa agyzlaryny öweldip, meni masgaralap, ýaňagyma urýarlar, garşyma dil birikdirýärler.
Erbetleriň äňini ýazdyryp, awuny agyzlaryndan alardym.
Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.
Erbetler, betkärler bilen bile meni süýreme; olar parahat gepleşýärler goňşusy bilen, emma welin pislik bar ýüreklerinde.
Eý, Hökmürowan Beýik Hudaý, Sen Ysraýylyň Hudaýy! Galk Sen ähli milletlere jeza bermeklik üçin, haýyn betpälleriň hiç birine Sen rehim etme. Sela
Agyr güne saldyň Sen Öz halkyňy, bize entediji şerap içirdiň.
güýçli galpyldaýar janym hem meniň. Ýa Reb, haçana çenli bu dowam eder?
onda, goý, yzarlaýanlar yzymdan ýetsin, depgiläp, janymy ýere gaplasyn hem-de hormatymy aýak astyna salsyn. Sela
Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar, dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.
Eýsem söýgüsi ebedilik kesiläýdimi? Beren sözlerini hiç haçan berjaý etmezmi?
Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?
Özüni urana ýaňagyny tutsun, masgaralanmakdan doly bolsun.
Agaja: «Oýan!», dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, ýöne içinde jany bolmaz.