6 Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin, sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.
6 Мен ятярын хем-де ука гидйәрин, саг-аман оянярын, чүнки Реб голдаяр мени.
Ysraýyllar Dawudyň adamlaryndan ýeňildiler. Şol gün uly gyrgynçylyk bolup, ýigrimi müň adam gyryldy.
Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.
Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan.
Eý, ähli halklar, el çarpyşyň! Hudaýa heşelle kakyň!
Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!
Otursaň arkaýyn bolarsyň, ýatsaň süýji uka gidersiň.
Ýolbelet bolarlar saňa ýörän mahalyň; gorarlar seni ýatan mahalyň; gürrüňdeş bolarlar oýa wagtyňda.
Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?