4 Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň, şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.
4 Эмма Сен, я Реб, дашымда бир галкансың, шан-шөхратым, башымы дикелдйән Сенсиң.
Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».
Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.
Gün söz sözleýär ertirki güne, gije bilim berýär indiki gijä.
«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».
Rebbe alkyş bolsun! Ol eşitdi perýadymyň sesini.
Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.
Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun; maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn.
Goý, olaryň ýoly garaňky hem sürçek bolsun; Rebbiň perişdesi olary kowsun.
Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň.
Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.
Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.
Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.
Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.
Ol dogruçyllara ýardam berýär, sadyklykda gezýänlere galkan bolýar.
Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.
«Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý» diýen sözlerimi eşitdiň.
Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar.
Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn.