Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 3:3 - Mukaddes Kitap

3 Köpler men babatda: «Hudaý ony halas etmez» diýýärler. Sela

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Көплер мен бабатда: «Худай оны халас этмез» диййәрлер. Села

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 3:3
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen faraona ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň.


Hizkiýa: ‘Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez’ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn.


Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn. Ol ýer bugdaý, şerap, çörek, üzümlik, zeýtun ýagy we bal mekanydyr. Şeýdip, siz ölmän, aman galarsyňyz. Hizkiýanyň: ‘Reb bizi halas eder’ diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň ýesirliginiň otuz ýedinji ýylynyň on ikinji aýynyň ýigrimi ýedisine Ewilmerodak Babyla patyşa bolup, Ýahuda patyşasy Ýehoýakyny ýesirlikden boşatdy.


Onuň elleriniň işleri wepaly we adalatly, Onuň bar buýruklary ygtybarlydyr.


Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.


Rebbe alkyş bolsun! Ol eşitdi perýadymyň sesini.


Eý, ynsan ogullary! Haçana çenli siz maňa ysnat getirjek? Haçana çenli puç zady söýüp, siz ýalana eýerjek? Sela


Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.


Mundan beýläk gündizine Gün yşygyň bolmaz, gijesine Aý saňa yşyk bermez; çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, şöhratyň öz Hudaýyň bolar.


Keseki milletlere aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».


Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».


Ol Hudaýyň şan-şöhratyndan dolup, bir juda gymmatbaha daş ýaly, buldurap duran ýaşma daşy ýaly parlaýardy.


Şäheri ýagtylandyrmak üçin Gün ýa-da Aý gerek däl. Çünki şäheri Hudaýyň şöhraty ýagtylandyrýar, Guzy hem onuň çyrasydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ