2 Ýa Reb! Duşmanlarym neneň köpeldi! Maňa garşy baş göterýänleriň sany kän.
2 Я Реб! Душманларым ненең көпелди! Маңа гаршы баш гөтерйәнлериң саны кән.
Daglaryň Iýerusalimi gurşaýşy ýaly, şindiden asyrlarboýy Reb gurşaýar Öz halkynyň daşyny.
Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň, şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.
Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.
Eý, meni hakly çykarýan Hudaýym! Maňa jogap ber çagyranymda. Maňa giňlik berdiň daryganymda, maňa merhemet et-de, dilegime gulak goý.
Emma bilip goýuň: Reb Özi üçin sadyk adamy saýlap goýandyr. Reb meni eşidýär çagyranymda.
Sen hakykatyňy, nuruňy iber, goý, olar ýol görkezsin maňa; goý, olar meni äkitsin, mukaddes dagyňa we ýaşalgaňa.
Oňa ähli şalar, goý, tagzym etsin, oňa ähli milletler, goý, hyzmat etsin.
Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, seçip-saýlanyňy halas etmek üçin geldiň, pis nesilbaşyny ezdiň, ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela
Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.
Ýalaňaç ýaýyňy galgatdyň, sagdagyňy okdan doldurdyň. Sela Ýer ýüzüni akar suwlar bilen ýardyň.