Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler.
Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi.
Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi.
Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.
Şondan soň ýyldyrymlar çakdy, gümmürdäp, gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde ýaşap başlany bäri şeýle güýçli ýertitreme bolmandy.
Soňra men bir uly mähelläniň sesine, ägirt uly ummanyň güwwüldisine, güýçli gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Çünki Rebbimiz Hökmürowan Hudaý hökmürowanlyk sürüp başlady!
Perişde gaby alyp, ony gurbanlyk sypasyndaky otdan doldurdy-da, ony gökden ýere zyňdy. Şonda gök gürläp, güňleç gürrüldi eşidildi, ýyldyrym çakyp, ýer titredi.
Şamuweliň Rebbe ýakma gurbanlyk berýän wagty, ysraýyllaryň üstüne çozmak üçin, piliştliler olaryň alkymyna geldiler. Emma Reb ol gün güňleç ses edip, piliştlileri aljyraňňylyga saldy; olar ysraýyllardan ýeňlip gaçdylar.