Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 28:9 - Mukaddes Kitap

9 Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Реббиң сеси кейиклери гузладяр, токайлары ялаңачлаяр; Онуң ыбадатханасында хеммелер «Худая шөхрат!» диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 28:9
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut gibgonlylara: «Men siziň üçin näme edeýin? Rebbiň saýlan halkyna pata bermegiňiz üçin, bu günäden nädip saplanarkam?» diýdi.


Tutuş Ysraýyl bilen bolan ýerlerimiň ählisinde Öz halkym Ysraýyla baştutanlyk etmegi buýran serdarlarymyň, heý, birinden: ‘Näme üçin Maňa kedr agajyndan öý gurmadyňyz?’ diýip soradymmy?“


Çünki olar Seniň demir peç kimin lowlaýan Müsürden çykaran halkyňdyr, Seniň mirasyňdyr.


Eý, Hökmürowan Reb, Sen atalarymyzy Müsürden çykaranyňda, guluň Musa arkaly aýdyşyň ýaly, Özüňe mirasdar etmek üçin dünýäniň ähli halklarynyň arasyndan ysraýyl halkyny Öz halkyň hökmünde saýladyň».


Kim nirede galan bolsa, şol ýeriň ilaty olara Iýerusalimdäki Hudaýyň öýi üçin berjek meýletin sadakalaryndan daşary altyn, kümüş, emläk we mal-gara bilen ýardam etsin“».


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Eý, Ýakubyň nesli, Ysraýyl nesliniň aman galanlary! Göwrede galanyňyz bäri etdim aladaňyzy, doglanyňyz bäri elimde göterdim.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Çünki Reb şeýle diýýär: «Ýakup üçin begençli aýdym aýdyň, milletleriň baştutany üçin batly gygyryň. Jar ediň, öwgüler aýdyp, şeýle diýiň: „Ýa Reb, halas et halkyňy, Ysraýylyň aman galanlaryny“.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Ol gelip, Rebbiň güýji bilen, Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen bakar sürini. Olar asuda ýaşarlar; bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň.


Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.


„Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham! Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen. Çünki senden bir Hökümdar çykar, halkym Ysraýylyň çopany bolar“».


Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir.


Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, Hudaýyňyz Rebbiň sizi nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz.


Öz halkydyr Rebbiň paýy, öz paýy üçin Ýakuby miras aldy Ol.


Men Rebbe ýüzlenip, şeýle dileg etdim: „Eý, Hökmürowan Reb, Öz saýlan aýratyn halkyňy ýok etme. Sen olary Öz beýikligiň bilen gulçulykdan azat edip, gudratly goluň bilen Müsürden çykaryp getirdiň.


Emma bu Seniň beýik gudratyň we güýjüň bilen Müsürden çykaryp getiren Öz saýlan aýratyn halkyň ahyryn“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ