„Sebäbi, eý, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb, Seniň nesliňi baky berkarar ederin“ diýip, guluňa Özüň aýan etdiň. Şoňa görä-de, guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi.
Gulum Dawudyň edişi ýaly, parzlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, Maňa gulak goýup, ýollarymdan ýöräp, Meniň nazarymda dogry işleri etseň, Men hemişe seniň bilen bolaryn. Men seni Ysraýyla patyşa ederin we edil Dawudyň nesillerini patyşa edişim ýaly, senden soň seniň nesilleriňi hem patyşa ederin.
Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.
Gökleri ýaradan, Ol Hudaý, dünýäni ýaradan, oňa şekil beren, ony berkiden, boş bolmasyn, adamly bolsun diýen Reb şeýle diýýär: «Men Rebdirin, Menden başga hiç kim ýokdur».
Eý, gökler, ýokardan ýagdyryň, bulutlar dogrulyk ýagdyrsyn; ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin, onuň bilen birlikde dogrulyk bitsin; bulary Men – Reb ýaratdym».
Eý, Efraýym, butlar bilen işim ýok. Dilegiňe jogap berip, ybadatyňa seredýän Mendirin. Men mydam ýaşyl serwi ýalydyryn. Seniň bar miweleriň Menden geler».
Ýakuba hiç bir doga-jady täsir etmez, Ysraýylyň garşysyna täleý garanyň peýdasy ýokdur. Indi bolsa Ysraýyl we Ýakup hakda: „Gör, Hudaýyň eden zatlaryny!“ diýerler.
Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur.