Üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen faraona ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň.
Üç günden soň faraon öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy.
Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.
Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň ýesirliginiň otuz ýedinji ýylynyň on ikinji aýynyň ýigrimi ýedisine Ewilmerodak Babyla patyşa bolup, Ýahuda patyşasy Ýehoýakyny ýesirlikden boşatdy.
«Hudaýyňyz Reb siziň bilen dälmi? Ähli tarapdan size rahatlyk beren Şol dälmi? Ol bu ýurduň ähli ilatyny meniň elime berdi we ýurt Rebbe hem-de Onuň halkyna boýun egdi.
Çünki Reb şeýle diýýär: «Ýakup üçin begençli aýdym aýdyň, milletleriň baştutany üçin batly gygyryň. Jar ediň, öwgüler aýdyp, şeýle diýiň: „Ýa Reb, halas et halkyňy, Ysraýylyň aman galanlaryny“.
şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.
Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.
Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.
Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.
Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.