Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 27:4 - Mukaddes Kitap

4 Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Оларың этмишлерини, эден яманлыгыны өзлерине гайтар; эллериниң эденлерини өзлерине гайтар; эденлерине лайык өвезини бер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 27:4
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.


Ony – Ýakup Hudaýynyň ýüzüni agtarýanlaryň neslindendir ol.


Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.


«Onuň ýüzüni agtar» diýýär ýüregim. Ýa Reb, Seniň ýüzüňi agtarýaryn men.


Reb halkyň güýjüdir, seçip-saýlanynyň halas berkitmesi Oldur.


Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi; olar Saňa nagma aýdýarlar, Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela


Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!


Ähli gazabyňy Sen jylawladyň, ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň.


Meni agtararsyňyz; bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


Diňe bir zat gereklidir. Merýem iň oňadyny saýlady we bu onuň elinden hiç alynmaz» diýip jogap berdi.


«Men size diýýärin: dar gapydan girmäge çalşyň, sebäbi köpler bu gapydan girmäge jan ederler, emma başarmazlar.


Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:


Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.


Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.


Eý, doganlar! Men bulary gazanandyryn öýdemok. Emma ýeke-täk şuny welin edýändirin: yzda galan zatlary unudyp, öňdäkilere ýetmäge ymtylýaryn.


Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir.


Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr.


Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».


Ol Dawut üçin Rebbe ýüz tutup, onuň sapary barada sorady we oňa azyk hem-de Jalut piliştliniň gylyjyny berdi» diýdi.


Dawut: «Men bu galtamanlaryň yzyndan kowmalymy? Men olaryň yzyndan ýetip bilerinmi?» diýip, Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Olaryň yzyndan kow. Sen hökman olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri halas edersiň» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ