Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi; Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Sion gyzynyň derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.
Çagany süýtden aýrandan soň, üçýaşar öküz bir batman un we bir tulum şerap bilen bilelikde Hanna ony Şilo galasyna Rebbiň öýüne getirdi; çaga entek ýaşdy.