10 Hatda ata-enem terk edäýse-de, Reb men barada alada eder.
10 Хатда ата-энем терк эдәйсе-де, Реб мен барада алада эдер.
Halas et, ýa Reb, sadyk adam galmady, adamzat arasyndan ynamdarlar ýitirim boldy.
Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.
Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýärler. Olar azýarlar we ýigrenji işleri edýärler; ýagşylyk edýän ýok.
Para almaň, çünki para akyldarlaryň gözüni kör eder, dogrynyň işini ters eder.
Çünki olar şere kowalaşýarlar, gan dökmäge howlugýarlar.
Çünki ýamanlyk etmeseler uklap bilmeýärler; birini büdretmese, gözi bürülmez.
Dogruçyl ýaşap, dogry sözleýänler sütem bilen gazanylan gazanjy ýigrenýänler, elini para almakdan saklaýanlar, gan döküşiklige gulak gabartmaýanlar, ýamanlyga gözlerini ýumýanlar
Çünki Men etmişiňiziň köpdügini, günäleriňiziň çökderdigini bilýärin. Dogruçyla ezýet berip, para alýarsyňyz, kazyýetde mätäji boş gaýtarýarsyňyz.
Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.
Ertesi gün ýahudylar biri-birleri bilen dil birikdirip, Pawlusy öldürýänçäler, iýip-içmezlige kasam etdiler.
Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder.
Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler.