Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 25:2 - Mukaddes Kitap

2 Meni barla, ýa Reb, hem meni derňe, meniň pikirlerimi, ýüregimi syna.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Мени барла, я Реб, хем мени дерңе, мениң пикирлерими, йүрегими сына.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 25:2
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, ysraýyllar basyldylar, ýahudalar bolsa atalarynyň Hudaýy Rebbe bil baglandyklary üçin olary ýeňdiler.


Olar şol ýerde gorka düşerler, çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr.


Saňa tarap ellerimi gerýärin. Janym gurak toprak deý Saňa teşnedir. Sela


Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.


Reb – meniň çopanym; men hiç zada mätäç bolmaryn.


Sen maňa saçak ýazýarsyň duşmanlarymyň gözleriniň alnynda; ýag çalýarsyň meniň başyma; pürepürdir meniň pyýalam.


Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly!


Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!


Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.


Duşmanlarym günde: «Hudaýyň nirede?» diýýär, kemsitme arkaly süňklerimi kül-owram edýär.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň Şawuldan gowaga gaçanda aýdan mezmury.


Dawudyň Rebbe aýdan şigaýony. Benýamin tiresinden bolan Kuşuň sözlerine degişli.


Eý, Hudaý, patyşa paý ber adalatyňdan, şa ogluna – Öz dogrulygyňdan.


Ýa Reb, ne ajaýyp Saňa şükürler etmek, ýa Beýik Hudaý, adyňa nagmalar aýtmak!


Çünki Reb beýik Hudaýdyr, ähli hudaýlaryň beýik Şasydyr.


Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.


Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýa şeýle habar iberdi: «Bil baglaýan Hudaýyň „Iýerusalim Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, seni aldamasyn.


Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».


Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».


Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Goý, meni yzarlaýanlar utanja galsyn, emma meni utanja goýma. Goý, olar gorka düşsün, emma meni gorka salma. Başlaryndan betbagtlyk gününi inderip, goşa gyrgynçylyk bilen ýok et olary.


Mukaddes Ýazgylar hem: «Oňa bil baglan utandyrylmaz» diýýändir.


Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.


Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, saýlama we gymmatbaha burç daşyny goýýaryn. Oňa bil baglan asla utandyrylmaz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ