Hudaý bizi ajalyň penjesinden halas etdi we ýene-de halas eder. Biziň üçin edýän doga-dilegleriňiz arkaly Onuň bizi ýene-de halas etjekdigine umyt baglaýarys. Şonda köpleriň doga-dilegine jogap hökmünde bize berlen merhemet üçin köp adamlar Hudaýa şükür ederler.
Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.