5 Ol Rebden alar ak pata, halas edýän Hudaýyndan alar aklanma.
5 Ол Ребден алар ак пата, халас эдйән Худайындан алар акланма.
Ol seni hem dertden azat edip, çäksiz giňişlige çykardy, saçagyňy näz-nygmatlardan doldurdy.
Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy, meniň aýaklarym taýmady.
Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.
Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.
şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar, halyňyza waý!
Emma siz agyz bekläniňizde, başyňyza ýag guýup, ýüzüňizi ýuwuň.
Sen başyma ýag çalmadyň, emma bu aýal aýaklaryma hoşboý ysly ýag çaldy.
Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez.
Eýsem biz şükür edip, şükür käsesinden içenimizde, Mesihiň ganyna şärik bolmaýarysmy? Çöregi bölüp iýenimizde, Mesihiň bedenine şärik bolmaýarysmy?
Hudaý bizi siz bilen birlikde Isa Mesihe baglap, imanda berk durmagymyza ýardam berýär. Ol bizi seçip-saýlady-da,
Bizde işleýän gudratyna görä, Hudaý her bir haýyşymyzdan, oýlanyşymyzdan hem has ýokary zatlary etmegi başarýandyr.
Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.
Emma Mesihiň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.