Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 23:3 - Mukaddes Kitap

3 Rebbiň dagyna kim çykyp biler? Mukaddes öýünde kim durup biler?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реббиң дагына ким чыкып билер? Мукаддес өйүнде ким дуруп билер?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 23:3
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.


Men indi bilýärin: Öz seçip-saýlanyny Reb halas eder. Ol golunyň gudratly işleri bilen, jogap berer Öz mukaddes gögünden.


Men dymyp, uzakly gün zar-zar aglanymda, gurap galdy meniň süňklerim.


Çünki gije-gündiz eliň üstüme agramyn saldy, tomus yssysynda ýaly ysgynym gaçdy. Sela


Meni kowalaýanlara garşy naýzaly, aýpaltaly çyk. Kalbyma diý: «Halasgäriň – Men».


Men bolsa egsilmez sadyk söýgiň arkaly, girerin Seniň öýüňe; men Senden heder ederin, mukaddes ybadathanaňa tarap tagzym ederin.


Men bolsa Hudaýyň öýündäki gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly; Hudaýyň sadyk söýgüsine ebedi we baky baglaýan bili.


Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň.


Çünki maňa bolan sadyk söýgiň beýikdir, Sen janymy ölüler dünýäsinden halas eýlediň.


Saňa danalyk ýollaryny öwretdim, dogrulyk ýodalaryndan ýöretdim.


Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän, olaryň hazynalaryny doldurýan. Çünki men dogrulyk ýolundan, adalat ýodalaryndan ýöreýän.


Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.


Argyn jana dynçlyk bererin, ähli mejalsyzlary doýraryn».


Ine, Men olary demirgazyk ýurdundan getirerin, dünýäniň aňry uçlaryndan ýygnaryn; olaryň arasynda kör, agsak, göwreli we çaga dogurýan hem bolar; olar uly mähelle bolup bu ýere dolanar.


Emma ysraýyllary Müsürden çykarandygymy gören milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat gelmesin diýip, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ