2 Çünki Ol deňizler üstünde ýeriň düýbüni tutdy hem-de ony suwlaryň üstünde gurdy.
2 Чүнки Ол деңизлер үстүнде ериң дүйбүни тутды хем-де оны сувларың үстүнде гурды.
Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,
Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.
Soňra olar Eýlime geldiler. Ol ýerde on iki sany suwly çeşme we ýetmiş sany palma agajy bardy. Olar suwuň başynda düşlediler.
Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer, ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar. Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.
«Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.
Ol maňa ýene-de şeýle diýdi: «Amala aşdy. Alfa we Omega, Başlangyç we Soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň gözbaşyndan mugt içirerin.
Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.
Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!
Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».