Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Zebur 21:3 - Mukaddes Kitap

3 Hudaýym, gündizine çagyrýan, ýöne jogap bermeýäň, gijesine – emma rahatlygy tapmaýan.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Худайым, гүндизине чагырян, йөне җогап бермейәң, гиҗесине – эмма рахатлыгы тапмаян.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Zebur 21:3
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut ammonlaryň patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadanam köp mukdarda olja aldy.


Ýahudanyň adamlary geldiler we Dawudyň başyna ýag guýup, ony ýahuda tiresine patyşa bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde,


Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna ýygnandylar. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut patyşa olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Dawudyň başyna ýag guýup, Ysraýyla patyşa bellediler.


Dawut Ammon patyşasynyň başyndan altyn täjini aldy; onuň agramy iki putdy, onuň ýüzüne gymmatbaha daş oturdylandy. Ony Dawudyň kellesine geýdirdiler. Dawut galadan köp mukdarda olja-da aldy.


Ýa Hudaýymyz Reb! Galk-da, güýjüňiň nyşany Äht sandygy bilen Öz dynçlyk mekanyňa gir. Ýa Hudaýymyz Reb! Goý, ruhanylaryň gutulyşa beslensin, sadyklaryň eşretleriňe guwansyn!


Agzyndan ýalyn çykýar, ot uçgunlary syçraýar.


Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň ebedilik, müdimilik bir ýaşy.


Mowap – ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».


Hudaý bergili bolar ýaly, kim Oňa zat berdi?»


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.


Onuň gözleri ot ýaly ýanýardy, başynda hem birtopar täji bardy. Onuň maňlaýyna Onuň ady ýazylgydy, ýöne bu ady Özünden başga hiç kim bilýän däldir.


Soňra Şamuwel Dawudyň agalarynyň öňünde ýagly küýzäni alyp, onuň üstünden ýag guýdy. Şol günden beýläk Rebbiň Ruhy Dawudyň kalbyny eýeläp başlady. Şamuwel bolsa Rama gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ