Çaparlaryň arkaly Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: „Birtopar söweş arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň çola ýerine, gür jeňňeline girdim.
Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».
Çünki men patyşadan ýolda bizi duşmandan gorar ýaly esgerler we atlylary dilemäge çekindim. Biz patyşa: «Hudaýymyz Özüni agtarýanlaryň hemmesine merhemet edýär. Özünden ýüz öwrenleriň garşysyna bolsa Onuň gazaby güýçlüdir» diýip aýdypdyk.
Bu hanlar ähli goşunlary bilen geldiler, olaryň atlarynyň we söweş arabalarynyň sany juda köpdi. Olaryň sany edil deňiz kenaryndaky çäge ýaly köpdi, ägirt uly goşundy.
Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!» Şondan soň ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady.
Soňra Dawut piliştlä: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly we gamaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe seniň gyjalat beren Ysraýyl goşunynyň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň adyndan gelýärin.