Siriýalylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini hem-de pyýada goşundan kyrk müň adamy öldürdi. Ol siriýalylaryň goşunbaşysy Şobagy ýaralady; Şobak şol ýerde jan berdi.
Dawut onuň bir müň ýedi ýüz sany söweş arabaly esgerlerini hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi.
Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçli adama garşy çykmakda ejize diňe Sen ýardam berýänsiň. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».
Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.
Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.
Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.
Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».