Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň ýalbaryşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.
Sen Öz gökdäki mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.
Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.
Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.
onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi.