Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň onuň üçin ýörite guran çadyrynyň içinde öz ýerinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi.
Ol öýüň arka tarapynda, düýbünden depesine çenli kedr agaçlaryndan beýikligi ýigrimi tirsek bolan diwar bina etdi. Ol muny iň mukaddes otag bolan içki otag hökmünde gurdy.
Meni ünsli diňle hem-de jogap ber, pikirlerim meni birahat edýär; duşmanyň sesinden ýaňa, erbet adamyň zulumyndan ýaňa, meniň başym çaşdy. Çünki olar maňa sütem edýärler, gaharlarynyň ajysyny pürkýärler.