1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
1 Айдымчылар топарының ёлбашчысына. Давудың мезмуры.
Ol maňa gulak goýandygy sebäpli, Ony çagyraryn men ömürboýy.
Seniň Ruhuňdan nirä gideýin?! Seniň huzuryňdan nirä gaçaýyn?!
Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işinden habar berýär.
Saz ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň maskili.
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.
Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!
Çünki günälerimi boýun alýaryn, günäm elmydama meniň öňümde.
Reb berkitme bolar ezilýänlere, berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.
Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.
Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.
Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».
Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.